Giňişleýin

Birža söwdalarynda 46 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 412 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar.

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah ýüplük we flanel mata ýerlenildi. 

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 80 million 634 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), bugdaý ununy, nah ýüplügi satyn aldylar.